Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda “Musulman doganlarynyň” agzalary bolmakda şübhelenýän 113 adam tussag edildi


Täjik polisiýasy (illýustrasiýa suraty)
Täjik polisiýasy (illýustrasiýa suraty)

Täjik polisiýasy gadagan edilen “Musulman doganlary” toparynyň agzalary bolmakda şübhelenýän 113 adamy tussag etdi.

Baş prokuror Ýusuf Rahmonyň 28-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, şübhelenýänleriň arasynda dürli uniwersitetleriň ýigrimi işgäri we mugallymy, iki daşary ýurtly we Isfara şäheriniň bir resmisi dagy bar.

“Topar güýç bilen hökümeti agdaryp, yslam döwletini esaslandyrmagy maksat edinýär. Ol köp ýurtlarda terrorist we ekstremist guramasy hökmünde gadagan edilendir” diýip, Rahmon aýtdy.

“Musulman doganlary” topary 1928-nji ýylda Müsürde yslam alymy Hassan al-Banna tarapyndan esaslandyrylypdy.

Topar özüniň parahatçylykly maksatlary yzarlaýandygy aýtsa-da, ol köp ýurtlarda ekstremistiki gurama hökmünde gadagan edildi. Ol Täjigistanda 2006-njy ýylda gadagan edildi.

XS
SM
MD
LG