Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ güýçleri Owganystanda gaçan uçardaky iki gullukçysynyň jesetlerini çykardy


Pentagon uçaryň garşydaşyň ot açmagy netijesinde gaçandygyny görkezýän yşaratlaryň ýokdugyny belledi.

Owganystanda ABŞ-nyň güýçleri ýurduň “Talybanyň” gözegçiligi astyndaky Gazni welaýatynda gaçan uçaryň netijesinde heläk bolan şahsy düzümiň iki gullukçysynyň jesetlerini çykardylar. Bu barada Pentagon maglumat berýär.

Bombardier E-11A kysymly aragatnaşyk harby uçary 27-nji ýanwarda Owganystanyň gündogarynda ýere gaçypdy.

28-nji ýanwarda Pentagon ABŞ güýçleriniň uçaryň degişli uçuş maglumatlaryny ele geçirendigini we onuň gaçmagy bilen bagly derňewiň dowam edýändigini aýtdy.

Şol bir wagtda, Pentagon uçaryň garşydaşyň ot açmagy netijesinde gaçandygyny görkezýän yşaratlaryň ýokdugyny hem belledi.

Mundan öň “Talyban” jeňçileri uçary özleriniň urup gaçyrandygyny öňe sürüpdiler.

Gazniniň polisiýa başlygy Haled Wardakyň sözlerine görä, ABŞ-nyň wertolýotlary uçaryň gaçan sebitine gelip gonupdyrlar; operasiýanyň dowamynda owgan güýçleri olara ýerden goldaw beripdiler.

Wardak “Talybanyň” owgan güýçleriniň uçaryň gaçan sebitine barmak boýunça eden owalky synanyşygyny yza tesdirendiklerini hem sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG