Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Ýakyn Gündogar boýunça plany dürli reaksiýalar bilen garşylandy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogarda parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça “asyryň ylalaşygy” diýip atlandyran plany dürli reaksiýalar bilen garşylandy.

28-nji ýanwarda äşgär edilen planda garaşsyz Palestin döwletini esaslandyrmak we onuň paýtagty hökmünde Iýerusalimiň gündogaryny kesgitlemek göz öňünde tutulýar.

Palestina awtonomiýasynyň prezidenti Mahmud Abbas Trampyň hödürlän planyndan özüni çetleşdirip, ony “asyryň şarpygy” diýip ýaňsa aldy.

Brýusselde ÝB-niň ýokary derejeli diplomaty Josep Borrell Bileleşigiň Trampyň hödürlän planyny “seljerjekdigini we oňa baha berjekdigini” aýtdy.

Russiýanyň Federasiýa geňeşiniň daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy Konstantin Kosaçew hem planyň “jikme-jik seljerilmelidigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG