Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň Ýakyn Gündogar plany garjaşyk reaksiýa döretdi


Mahmud Abbas Ramallada söz sözleýär, 28-nji ýanwar, 2020.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Ýakyn Gündogarda parahatçylyk üçin “asyryň ylalaşygy” hökmünde eden teklipleri 28-nji ýanwarda Ýewropada we BMG-de sowuk reaksiýalar bilen garşylansa, esasy musulman ýurtlarynda oňlamazlyga sebäp boldy.

Bu taslamanyň çäginde gündogar Iýerusalimde paýtagty bolan garaşsyz palestin döwleti döredilmeli, emma köpler bu “ýanaşyk” ýerde kabul edilmeli çäreleriň kyn boljakdygyny aýdýar.

Palestina häkimiýetiniň prezidenti Mahmud Abbas, Trampyň tekliplerinden çeke durmak bilen, ABŞ-nyň prezidentiniň parahatçylyk planyny ýaňsylap, ony “asyryň şarpygy” hökmünde häsiýetlendirdi.

Günbatar kenarda dürli palestin toparlary bilen duşuşandan soň, ol “biziň halkymyz muny taryhyň hendegine taşlar” diýdi.

Brýusselde, Ýewropa Bileleşiginiň baş diplomaty Josep Borrell mylaýym jogap berip, bileleşigiň Trampyň tekliplerini “palestinalylaryň we ysraýyllylaryň kanuny arzuw-isleglerini nazara almak bilen,durmuşa ukyply iki döwletlik çözgüdine laýyklykda” “öwrenjekdigini we baha berjekdigini” aýtdy.

Moskwada, Orsýetiň Federasiýa geňeşiniň Halkara gatnaşyklary komitetiniň başlygy Konstantin Kozaçew hem bu ylalaşygyň, “öňden gelýän Ýakyn Gündogar konfliktindäki taraplaryň (Palestin häkimiýeti we Ysraýyl) reaksiýalaryna gezek gelende, jikme-jik analizi talap edýändigini” belledi.

Ol ABŞ-nyň prezidentiniň teklipleriniň “azyndan gepleşikleriň başlanmagyna itergi berjekdigini,... munuň umumy üstünlik boljakdygyny” aýtdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas bolsa, “Ysraýyllylaryň we palestinalaryň arasyndaky durnukly parahatçylyga diňe iki tarap üçinem kabul ederlik iki döwletlik çözgüdiniň alyp gelip biljekdigini” aýtdy.

BMG özüniň 1967-nji ýylyň urşunda Ysraýyl Günbatar kenary we Gazany ele geçirmezinden öňki serhetleriň ykrar edilmegini isleýändigini aýtdy.

"BMG-niň iki döwletlilik çözgüdi baradaky pozisiýasy ýyllaryň dowamynda, Howpsuzlyk geňeşiniň we Baş Assambleýanyň degişli rezolýusiýalary esasynda kesgitlendi we Sekretariat olara borçly” diýip, Baş sekretar Antonio Guterrişiň sözçüsi Stefan Dýujarrik (Stephane Dujarric) aýtdy.

Türkiýe bu plany berk tankyt etdi. Türkiýäniň Daşary işler ministrligi beýanat çap edip, onuň “öli doglandygyny” we iki döwletlilik çözgüdini getirip bilmejekdigini aýtdy.

Saud Arabystany taraplaryň, ýagny palestinalylar bilen ysraýyllylaryň arasynda göni gepleşikleriň başlanmagyna çagyrdy.

"Patyşalyk Tramp adminstrasiýasynyň ysraýyl we palestin taraplarynyň arasynda ählumumy parahatçylykplanyny işläp düzmek ugrunda edýän tagallalaryna ýokary baha berýär” diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Eýran plany ret etdi we ony palestin bähbitlerine gezek gelende “utanç” we haýynlyk hökmünde häsiýetlendirdi. Ýurduň DIM-i planyň “başa barmajakdygyny” aýtdy.

Müsüriň Daşary işler ministrligi iki tarapy hem elden bermän, täze teklipleri “iki ylalaşykly tarapyň ünsli we doly gözden geçirmegine” çagyrdy.

BMG ýaly, Iordaniýa hem ýeke-täk kabul edip boljak “ählumumy we durnukly parahatçylyga geçirjek ýodany” 1967-nji ýyldan öňki serhetlere esaslanmakda görýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG