Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan howply wirusyň öňüni ýüzärlik bilen almaga synanyşýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary şäherinde sanitar-gigiýena düzgünleriniň berjaý edilşine gözegçilikler güýçlendirildi. Marynyň häkimiýetleri mekdeplerde, çagalar baglarynda we hassahanalarda ýüzärlik tütedip, daşary ýurtlarda peýda bolan howply wirusyň öňüni almaga synanyşýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berýär.

“Şäherdäki ähli edara-kärhanalaryň hemme ýerlerini hlorlap ýuwýarlar. Soňra wirusyň öňüni almak üçin ýüzärlik tütedýärler. Mekdeplerde mugallymlar okuwçylara adaty gigiýenany saklamak barada ýörite aýdyp geçýärler. Eger bir çaga dümewläp mekdebe ýa-da çagalar bagyna barsa, ony dessine öýüne ugradýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 29-njy ýanwarda gürrüň berdi.

Saglygy goraýyş işgärleriniň ençemesi bilen söhhbetdeş bolan habarçynyň sözüne görä, Saglyk öýleriniň lukmanlaryna özlerine degişli bolan etrapçalara aýlanyp, ýaşaýjylardan habar tutmalydyklary aýdylypdyr.

“Welaýat sanitar-epidemiologiýa merkezinde ýörite topar düzülipdir. Bu topar her gün öz iş ýerlerinde nobata durmaly edilipdir” diýip, habarçy aýtdy.

Marydaky edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we saglygy goraýyş işgärleri bu arassaçylyk çäreleriniň sebäplerini “grip wirusynyň köpdügi we täze wirusyň öňüni alyş işleri” diýip düşündirýärler. Ýöne olar täze wirusyň ady ýa-da onuň nähili wirusdygy barada jikme-jik maglumat bermekden saklanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylary we saglygy goraýyş işgärleri mundan ozal şuňa meňzeş çäreleriň geçirilmändigini aýdyp, bularyň Hytaýda howply wirusyň ýaýrap başlandygy baradaky habarlardan soňra güýje girendigini belledi.

“Hassahanalarda ýüzlerine maska dakyp aýlanyp ýören näsaglara gabat gelse bolýar. Ozal adamlaryň ýüzlerine maska dakýanlaryna seýrek duş gelinýärdi” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosyna Marydaky bu çäreler we onuň sebäpleri barada welaýat häkimliginden we ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden maglumat almak başartmady.

Ýöne bu maglumatlar Hytaýda peýda bolan täze howply wirus sebäpli ölenleriň sanynyň 132 adama ýeten mahalyna gabat geldi. Bu wirusa başga-da 5 müň 974 adam ýolugdy.

Şeýle-de Hytaýyň daşynda, şol sanda Ýewropada, Demirgazyk Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Aziýa sebitinde bu wirusa duçar bolan ýagdaýlaryň üsti açyldy.

Bu wirusa ýokuşanlaryň sany, 2002-2003-nji ýyllar aralygynda 600 adamyň ölümine getiren, beýleki raspirator SARS wirusyna duçar bolanlaryňkydan hem aşdy.

Wirus barada ilki dekabrda habar çykdy. Bu täze koronawirus adamlarda gyzdyrma, üsgürme we demgysma ýaly nogsanlyklary döredýär. Onuň ýaýrap başlandygy çaklanylýan Hytaýyň Hubei welaýatynyň 17 şäherinde giriş-çykyş çäklendirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlary bolan Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Täjigistanda häkimiýetler Hytaýda koronowirusyň peýda bolandygyny agzap, bu barada ilaty habarly etmek we oňa garşy öňüni alyş çärelerini girizmek işlerini geçirýärler.

Türkmen häkimiýetleri koronowirus barada resmi derejede agzamazdan, ýurduň çägine daşary döwletlerden ýokanç keselleriň getirilmeginiň öňüni almak we sanitar-epidemiologik durnuklylygy saklamak boýunça çäreleriň güýçlendirilendigini yglan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG