Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Trampyň aklawçylary Ukraina basyş edilen bolsa-da, munuň ‘impiçment üçin esas bolup bilmejekdigini’ aýtdylar


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ýuridiki topary eger-de ol özüniň syýasy bähbitleri üçin Ukraina berilmeli harby hemaýaty söwdalaşmaga synanyşan bolsa-da, bu onuň impiçmentine we wezipesinden çetleşdirilmegine esas bolup bilmejekdigini aýtdy.

Bu barada Trampyň aklawçylar toparynyň agzasy, pensiýadaky professor Alan Derşowitz ABŞ-nyň Senatynda Trampyň impiçment diňlenişiginiň sorag-jogap segmentiniň ilkinji gününde çykyş etdi.

ABŞ-nyň taryhynda prezidentiň impiçment diňlenişigi üçünji sapar geçirilýär.

Ozalky iki ýagdaýda prezidentler aklanypdy. Bu gezek hem munuň şeýle netijeler bilen tamamlanjakdygyna çalym edýär. Sebäbi, Senata Respublikanlar kontrollyk edýär. Prezidentiň impiç edilmegi üçin bolsa, muny 100 agzalyk Senatyň üçden iki böleginiň goldamagy zerurdyr.

Wekiller öýündäki demokratlar 18-nji ýanwarda Trampy “öz şahsy bähbitleri üçin Birleşen Ştatlaryň saýlawyna garyşmak maksady bilen resmi ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp”, ukrain hökümetine “basyş etmekde, soňra hem öz nädogry işi hakdaky Kongresiň derňewini bökdemek üçin ony bassyr-ýussur etmäge synanyşanlykda" aýypladylar.

XS
SM
MD
LG