Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ senatorlary Gürjüstanyň demokratiýadan ‘yza gaýtmagyna’ alada bildirdiler


Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Gahkariýa
Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Gahkariýa

ABŞ-nyň iki senatory Gürjüstanyň premýer-ministri Giorgi Gahkariýa hat ýollap, onda Kawkaz döwletiniň demokratiýa institutlaryny gurmak boýunça borçnamalaryndan “yza gaýtmagyna” başlandygyny görkezýän ýagdaýlara alada bildirler. Bu bir hepdäniň dowamynda Tbilisä şeýle mazmunly ugradylan ikinji hat boldy.

“Biz gürji demokratiýasynda we hökümet dolandyryşynda gowşamalaryň bolandygyny görkezýän soňky ýagdaýlara barha aladalanýarys” diýip, Respublikaçy senator Jim Rişç (Jim Risch) we Demokrat sentaror Jeanne Şahin (Jeanne Shaheen) 29-njy ýanwarda çap edilen hatynda bellediler.

Riş Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetniň başlygy, Şahin hem Ýewropa we Regional Howpsuzlyk baradaky hyzmatdaşlyk boýunça kömekçi komissiýasynyň ýokary derejeli agzasydyr.

Senatorlar “parlamentiň saýlaw reformasyny geçirmek boýunça borçnamalaryny berjaý etmändigi we hökümetiň parahatçylykly protestleri gazaplylyk bilen basyp ýatyrmagy esasy alada döredýän iki ýagdaýdygyny” bellediler.

Mundan bir hepde öň, ABŞ-nyň Wekiller Öýündäki dört kanunçykaryjy gürji hökümetiniň demokratik reformalary geçirmek wadalaryny tutmaýandygy we bu mesele boýunça proteste çykanlary basyp ýatyrandygy üçin alada bildirdiler.

XS
SM
MD
LG