Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo Ukraina, Belarusa, Gazagystana we Özbegistana sapar edýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Belarusda Aleksandr Lukaşenkonyň birden Orsýetden cekilip, ýüzüni Günbatara tarap öwrüşi bilen baglylykda sorag üstüne sorag döreýär.

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirzoýoýew bolsa, daşarky dünýä öz reformalarynyň hakykydygyny, uzak wagtlap bozuk awroritar sistemanyň duzagynda galan ýurdunyň bu dolandyryşdan ara açýandygyny ynandyrmaga çalyşýar.

Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý Orsýet tarapyndan goldanylýan separatist söweşijilere garşy alnyp barylýan alty ýyllyk urşuň gapdalyndan öz ýurdunyň korrupsiýa we nädogry dolandyryş esasynda gaçan abraýyny dikeltjek bolýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo bu sebite 30-njy ýanwarda ugrýar we onuň bu üç ýurda hem-de Gazagystana etjek sapary ozalky sowet respublikalary bilen aradaky syýasy-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär.

Bu ýurtlaryň köpüsi Birleşen Ştatlardan goldaw – maliýe, ahlak we harby ýardam isleýär.

Emma Birleşen Ştatlar, prezident Donald Trampyň impiçment derňewi bilen baglylykda, syýasy gowga gaplandy we onuň bu ýurtlara berip biljek goldawynyň näderejede saldamly boljagy hakynda sorag köpeldi.

Şol bir wagtda, Pompeo bu sapara amerikan žurnalisti bilen geçiren gaharly söhbetdeşligi we oňa iş berijiden ar aljak bolýan ýaly görnen wagtynda barýar.

Kiýew Popmeonyň bu gezekki saparyndaky ikinji şäher bolar, ol ilki 29-njy ýanwarda Londona gelip, premýer-ministr Boris Jonson we beýleki resmiler bilen duşuşdy.

Ukraina Waşingtondaky impiçment mejlisleriniň merkezinde durýar.

Pompeo Kiýewde “Birleşen Ştatlaryň Ukrainanyň özbaşdaklygyna we toprak bitewiligine goldawyny nygtar” diýip, Döwlet departamenti aýtdy.

Ol Kiýewden soň, 1-nji fewralda Minskä baryp, prezident Aleksandr Lukaşenka, 25 ýyllap öz ägirt uly goňşusy Orsýet bilen Ýewropa Bileleşiginiň, NATO-nyň we Waşingtonyň talaplary arasynda öz häkimiýetini berkitmäge çalşan syýasatçy bilen duşuşar.

Orsýetiň 2014-nji ýylda Ukraianyň Krym sebitini ele geçirmegi Lukaşenka we beýlekiler üçin sapak boldy.

Pompeo ABŞ-nyň Belarusyň özbaşdaklygyna, garaşsyzlygyna we durnukly, abadançylykly ýurt bolmagyna tarapdardygyny nygtar we biziň ikitarplaýyn gatnaşyklary kadalaşdyrmaga taýýardygymyzy tassyklar diýip, Döwlet departamenti aýtdy.

Pompeo Minskden soň Gazagystana baryp, prezident Kasym-Žomart Tokaýew, şeýle-de geçen ýylyň martynda prezidentlikden çekilen, emma hökmürowanlygyny ýitirmedik Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşar.

Nazarbaýewiň uly gyzy Dariga kakasynyň 27 ýyllyk dolandyryşy döwründe uly baýlyk we bir topar gep-gürrüň toplady. Ol kakasynyň planlaşdyran geçiş döwründe ýurduň parlamentiniň ýokarky palatasynyň başlygy boldy. Bu onuň ahyrynda kakasynyň ornuna gelmek ähtimallygyny hem yşarat edip biler.

Döwlet departamentiniň resmi beýanatynda Pompeonyň Dariga bilen duşuşjagy anyklaşdyrylmaýar.

Belarus lideri Lukaşenka ýaly, Nazarbaýew hem Orsýetiň Krymy anneksiýa etmeginden alada galdy.

Gazagystanyň demirgazygynda, Orsýet bilen serhediň boýunda ýaşaýan ilatyň aglabasy etniki ruslar bolup, bu ýerde Moskwanyň käbir toprak meselelerini gozgamak ähtimallygy barada alada edildi. Emma häli-häzire çenli beýle zat bolmady.

"Pompeonyň duşuşyklary biziň Merkezi Aziýadaky parahatçylyga, abadançylyga we howpsuzlyga ygrarlydygymnyzy ýene bir gezek tassyklamaga gönnükdirilen" diýip, Döwlet departamenti aýtdy.

Pompeo Daşkende 2-nji fewralda gelip, ertesi güni ol ýerden gaýtmazyndan öň prezident Mirziýoýew, daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow we beýleki resmiler bilen duşuşar.

Özbegistan Merkezi Aziýanyň iň köp ilatly ýurdy bolup, onuň ýeterlik derejede nebit-gazy we beýleki tebigy baýlyklary bar. Ozallar bu ýurda Orsýetiň sebitdäki täsirine bölekleýin deňagramlylyk hökmünde seredildi. Şeýle-de bu ýurt Waşington bilen Owganystandaky uruşda we radikal yslamçy söweşijilere garşy söweşde ýaran bolup durýar.

Özbegistan Mirziýoýewden öňki prezident Yslam Kerimow döwründe, hususan-da 2005-nji ýylda Andijon şäherinde asuda adamlar köpçülikleýin atylyp öldürilenden soň, Günbatardan üzňeleşdi. Şeýle-de bu ýurt başyna giden korrupsiýasy bilen iň ýaramaz bahalary alyp geldi.

2016-njy ýylda, Kerimowyň ölüminden soň häkimiýet başyna gelen Mirziýoýew diňe Waşington bilen däl, eýsem ýewropa ýurtlary bilen-de täze ykdysady we syýasy gatnaşyklary gurmaga çalyşýar we hatda Wall Street, London ýaly maliýe merkezlerine hem girdi.

Şeýle-de ol ýurduň esasy girdeji pudaklarynyň biri, şol bir wagtda hem mejbury zähmediň ojagy bolup duran pagtaçylykda özgerişlik geçirmäge synanýar.

Ýöne onuň reformalarynyň nädereje çuň we durnukly boljagy belli däl. Bu sebitde ençeme ýyllap ýazylganlyk görmedik Döwlet departmaneti 2015-nji ýylda, Orsýetiň agalygyna garşy deňagramlylyk üçin, C5+1 inisiatiwasyna başlady.

Pompeonyň Daşkende sapary Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň – Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenidtanyň we Özbegistanyň daşary işler ministleri bilen duşuşyklary hem öz içine alýar diýip, Döwlet departamenti aýtdy.

XS
SM
MD
LG