Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň ulagy otlandy


Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň habarçysy Halyna Tereşçukyň ulagy otlandy.
Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň habarçysy Halyna Tereşçukyň ulagy otlandy.

Ukrainanyň günbataryndaky Lwow şäherinde Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň habarçysynyň ulagy oda berildi.

Ukrainanyň içeri işler ministriniň orunbasary Anton Heraşçenko munuň biriniň görkezmesi esasynda amal edilen bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen 2000-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän Halyna Tereşçuk hüjümiň özüniň professional işi bilen baglanyşyklydygyny çaklaýandygyny aýtdy.

“Biziň pikirimizçe, jenaýat biriniň görkezmesi esasynda edildi. Polisiýa hüjümiň guramaçylaryny we amal edenlerini tapmak üçin ähli çäreleri görýär” diýip, Heraşçenko Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Lwowyň Milli polisiýa departamenti “žurnalistiň emlägine bilkastlaýyn zyýan ýetirmek” boýunça derňewiň başladylandygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG