Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus prokuraturasy kakalaryny öldüren gyzlara garşy bildirilýän adam öldürmek aýyplamasyny ýatyrdy


Mariýa (çepde) we Angelina Haçaturýanlar suduň zalynda
Mariýa (çepde) we Angelina Haçaturýanlar suduň zalynda

Russiýanyň Baş prokuraturasy özleriniň gowgaçy kakasyny öldürmekde şübhelenýän ýetginjek gyz doganlaryna bildirilýän adam öldürmek aýyplamasyny ýatyrmak barada görkezme berdi. Bu iş Russiýada uly seslendirme, şeýle-de maşgaladaky zulum-sütem bilen baglylykdaky çekişmeleri döretdi.

Prokuratura Mariýa, Angelina we Krestina Haçaturýanlara bildirilýän aýyplamanyň özüni goramaklyk aýyplamasy bilen çalşyrylmalydygyny aýtdy. Gyz doganlaryň aklawçysy munuň netijesinde öz müşderileri bilen bagly işiň tamamlanyp biljekdigini aýtdy.

Gyz doganlar 2017-nji ýylyň iýulynda Moskwanyň eteginde öz kakalaryny pyçaklap öldüripdiler. Olar onuň özlerini dowamly ezendigini we jynsy taýdan zorluk görkezendigini aýtdylar.

Üç gyz 57 ýaşly kakalary Mihaýil Haçaturýany pyçak we çekiç bilen öldürendiklerini boýun aldylar.

3-nji dekabrda Derňew komiteti bu iş bilen bagly derňewiň tamamlandygyny we şol pursat 18 we 19 ýaşlarynda bolan gyz doganlaryň ikisine, ýagny Krestina we Angelina adam öldürmek we adam öldürmek boýunça dil düwüşik aýyplamalarynyň bildirilmegini teklip etdi.

XS
SM
MD
LG