Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly taekwondo türgeni Bolgariýanyň adyndan çykyş etjekdigini aýdýar


Farzad Zolghadri
Farzad Zolghadri

Bolgaraiýa göçen Eýranyň taekwondo türgeni şu ýyl Tokioda geçjek tomusky Olimpiýa oýunlarynda bu balkan döwletiniň adyndan çykyş etmek isleýändigini aýtdy. 27 ýaşly Farzad Zolghadri munuň “syýasat bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny” hem belledi.

Mundan öň, taekwondo boýunça Olimpiýa medalyna mynasyp bolan Eýranyň ýeke-täk aýal türgeni Kimia Alizadeh Germaniýa göçmek baradaky kararyny yglan edipdi. Ol özüniň eýran resmileri tarapyndan propoganda guraly hökmünde ulanylýandygyna şikaýat edipdi.

30-njy ýanwarda Zolghadri Bolgariýada, Eýran bilen deňeşdirilende, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak mümkinçiliginiň has ýokarydygyny aýtdy.

“Men Eýrany gowy görýärin. Bu meniň ýurdum. Emma Bolgariýada öz arzuwlarymy durmuşa geçirmek üçin has köp mümkinçilik bar” diýip, ol Reuters gullugyna aýtdy.

Bolgariýanyň Taekwondo federasiýasy eýranly türgeniň aprelde Milanda geçjek saýlap-alyş duşuşyklaryna gatnaşyp bilmegi üçin gerekli çäreleriň görülýändigini mälim etdi.

Zolghadri 2015-nji ýylda Meksikada geçirilen Dünýä Çempionatynda kümüş, 2009-njy ýylda geçirilen Aziýa Çempionatynda hem bürünç medallary almagy başarypdy.

Köp ýyllaryň dowamynda onuň kakasy Eýranyň Taekwondo federasiýasynda işledi we eýran toparynyň baş tälimçisi boldy.

XS
SM
MD
LG