Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus sebäpli Pakistan Hytaýa uçuşlaryny togtatdy


Hong Kongda adamlar maskalary satyn almak üçin nobata durlar. 30-njy ýanwar, 2020 ý.
Hong Kongda adamlar maskalary satyn almak üçin nobata durlar. 30-njy ýanwar, 2020 ý.

Pakistan, Bütindünýä Saglyk Guramasynyň täze koranawirus sebäpli halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaýy yglan edeninden soňra, Hytaý bilen bagly ähli uçuşlaryny 2-nji fewrala çenli togtatdy.

Bu aralykda, wirus hem Hytaýda, hem-de onuň daşynda ýaýramagyny dowam edýär.

Hytaýda bu wirus sebäpli azyndan 213 adam öldi we oňa ýolugan 10 müň ýagdaýyň üsti açyldy.

Dünýäniň 18 döwletinde bu wirus bilen 98 adam keselledi.

XS
SM
MD
LG