Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Çölleşmä garşy millionlarça agaç ekilýän Türkmenistanda dürli tagamlar sazagyň odunda taýýarlanýar


Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň kafelerinde we restoranlarynda dürli tagamlary taýýarlamak üçin köpçülikleýin ýagdaýda sazakdan bikanun peýdalanylýar diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň biri paýtagtdan habar berýär.

“Şeýle restoranlaryň arasynda ‘Parahat’, ‘Elin Tagam’, ‘Galkynyş’ we ‘Desderhan’ ýaly medeni-dynç alyş merkezleri bar. Bu ýerlerde sazakdan doldurylan ýük ulaglardan dowamly sazak düşürilýär. Olaryň arka tarapyndaky basdyrmalaryň aşagy sazakdan doly. Bu restoranlar dürli tagamly çişlikleri, tamdyrlamalary, batyrmalary we tamdyr somsasy ýaly tagamlary sazagyň odunda bişirýärler” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 31-nji ýanwarda gürrüň berdi.

Habarçy bu barada agzalýan restoranlarda işleýän işgärleriň we olary sazak bilen üpjün edýän adamlaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.

Türkmenistanlylaryň arasynda sazagyň oduna bişirilen we gaýnadylan nahardyr çaýyň has tagamly bolýandygy barada gürrüňler bar. Ýöne muny ylmy esasda subut edýän iş häzirlikçe göze ilmeýär.

“Sazagy kesmegiň we çapmagyň gadagandygy barada ýurduň gyzyl kitabynda ýazylsa-da, bu onuň çapylmagyna we restoranlarda odun hökmünde bikanun ulanylmagyna böwet bolanok. Sebäbi ilatyň arasynda sazagyň oduna bişirilen tagamlara uly isleg bar. Olar restoranlara baranda, sazagyň oduna bişirilen ýa-da gaýnadylan nahardyr çaýy getirmegi soraýarlar” diýip, habarçy belledi.

Mundanam başga, ol agzalýan restoranlaryň aglabasynyň ýokary derejeli döwlet resmileriniň dogan-garyndaşlary tarapyndan dolandyrylýandygyny, şol sebäpli olaryň ýurduň kanun goraýjy edaralarynyň gözegçiliginden düşürilýändigini hem aýdýar.

“Ýakynda arkasy sazakdan doldurylan bir ýük maşyny sakladym. Ol ulagyň sürüjisi ‘meni biderek ýere sakladyň, belkem goýberersiň?’ diýdi. Men oňa ynanmadym. Soňra sürüji bir ýere jaň etdi. Aradan 5 minut geçmänkä, maňa başlygym jaň etdi. Ol maňa gygyryp, ‘sen kimi saklanyňy bilýäňmi? Derrew dokumentlerini yzyna ber we ötünç sora. Eger işlejek bolsaň, indi şu maşyny ýatda sakla we ony hiç haçan duruzma, hatda şol maşynyň tarapyna hem seretme’ diýdi” diýip, adyny aýtmakdan saklanan aşgabatly polisiýa işgärleriniň biri Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda aýdylan maglumatlary agzalýan kafelere we restoranlara tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi. Türkmenistanda sazagy çapmagy gadagan edýän ýa-da ony nähili şertlerde we haçan çapyp bolýandygyny kesgitleýän kanun hem göze ilmeýär.

Ýöne umumy meýdanynyň 70%-den gowragyny Garagum çöli eýeleýän Türkmenistanda, çölleşmäniň öňüni almak maksady bilen, sazak, selin ýaly ösümlikleri ekmek syýasaty indi onlarça ýyl bäri öňe sürülýär.

Mundanam başga, soňky ýyllarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, “ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek” üçin diýlip, her ýyl 3 million çemesi agaç ekilýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary we türkmenistanlylaryň ençemesi millionlap ekilýän miweli we saýaly agaçlaryň müňlerçesiniň idegsizlikden ýa-da düýp tutman guraýandygyny gürrüň berýärler.

Galyberse-de, garaşsyzlyk ýyllarynda obalara gaz çekilen bolsa-da, gazyň kadaly berilmeýändigi sebäpli, henizem sazak ýakyp ýyladylýan mekdepleriň, çagalar baglarynyň we hojalyklaryň bardygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylary habar berýärler.

Bu maglumatlar Türkmenistanyň BMG-niň Biologik dürlülik hakyndaky konwensiýasynyň çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça 2019-njy ýyldaky hasabatynda hem gytaklaýyn tassyk edilýär.

“Çöllük we daglyk uzak ýerlerde ýaşaýan ýerli ilat (gazlaşdyrylmadyk ýerlerde) odunlyk üçin agaçlary taýýarlaýarlar. Çöllük ýerlerde bu çölleşmek hadysasynyň güýçlenmegine, süýşýän çägeleriň döremegine, daglyk ýerlerde topragyň zaýalanmagyna, sil akymlarynyň döremegine getirýär” diýlip, hasabatda bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG