Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BSG ýurtlary koronawirusyň “ýerli möwjemeleirne” taýýar bolmaga çagyrýar


Hong Kong, gorag maskalary xcin nobata duran adamlar.
Hong Kong, gorag maskalary xcin nobata duran adamlar.

Bütindünýä saglyk guramasy (BSG) dünýäniň hökümetlerini koronawirusyň ýerli şertlerde ýaýramak ähtimallyklaryna taýýar bolmaga çagyrdy.

1-nji fewralda edilen çagyryş Hytaýyň ýurtda bu wirusdan ölen adamlaryň sanyny 259 adama galdyran wagtyna gabat geldi.

Hytaý ýurtda bu wirusyň 11,791 adama ýokuşandygyny aýtdy, onuň 2002-03-nji ýyllarda ýaýran SARS wirusyndan, ýiti dem alyş ýollary hassalygyndan hem çalasyn ýaýraýandygyny tassyk etdi.

BSG biraz öň dümewe çalymdaş koronawirus bilen baglylykda dünýä boýunça adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Gurama bu wirusyň Hytaýdan daşarda adamdan adama geçmek ähtimallygyndan alada galýar.

Birleşen Ştatlar 31-nji ýanwarda soňky iki hepdede Hytaýa sapar eden daşary ýurtlularyň köpüsiniň ýurda goýberilmegine gadaganlyk girizdi we başga-da berk barlag çärelerini gördi.

Hytaýyň daşary işler ministrligini ABŞ-nyň syýahat gadaganlygyny “rehimsizlik” hökmünde tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG