Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pompeo: Belarus ABŞ bilen Orsýetiň ikiden birini saýlamaly däl


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka "biziň ikiden birimizi saýlamaly däl" diýýär.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Birleşen Ştatlar Belarus bilen has ýakyn gatnaşyk gurmaga çalyşýar, emma Minsk Waşington bilen Moskwanyň haýsam bolsa birini saýlamaly diýen zat ýok diýdi.

Pompeo bu sözleri 1-nji fewralda, belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka bilen duşuşyk mahalynda aýtdy.

"Bu ýerde Orsýet bilen uzak taryh bar. Biziň ikiden birimizi saýlamak hakynda gürrüň edilmeýär. Biz bu ýerde bolmak isleýäris” diýip, ol aýtdy.

Waşington basym Minskde täze ilçisini bellär diýip, Pompeo sözüni dowam etdirdi we Birleşen Ştatlaryň, has ýakyn ykdysady hyzmatdaşlyk gurmaga çalyşmak bilen, adam hukuklary reformalaryny hem talap etjekdigini sözüne goşdy.

Pompeo 1994-nji ýylda, ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Bil Klintondan we döwlet sekretary Warren Kristoferden soň bu ýurda gelen iň uly amerikan resmisi, ilkinji döwlet sekretary boldy.

ABŞ-nyň ozalky milli howpsuzlyk geňeşçisi Jon Bolton Minskä geçen ýylyň awgustynda sapar etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG