Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan Hytaýdaky gazak raýatlaryny ewakuasiýa edýär


Ýüz maskasyny alýan adamlar. Manila, Filippinler.
Ýüz maskasyny alýan adamlar. Manila, Filippinler.

Gazagystan Hytýayň Wuhan şäherinden 83 raýatyny ewakuasiýa edendigini aýtdy. Bu şäher koranawirus epidemiýasynyň öýjügi hasaplanýar.

Hytaýda bu wirusdan ölenleriň sany 300 adamdan geçdi, şol bir wagtda öz ýurtlaryndaky ilkinji wirus ýokuşanlary anyklap, epidemýadan howatyr edip, Hytaýa syýahat gadagançylyklaryny girizýän döwletleriň sany artýar.

Gazak hökümeti 2-nji fewralda beýanat çap edip, ewakuasiýa edilen 83 gazak raýatynyň 80 sanysynyň studentler bolandygyny aýtdy.

Şeýle-de beýanatda gazak raýatlarynyň ewakuasiýa edilen uçarynda gyrgyz, belarus, ermeni raýatlarynyň hem alnyp gaýdylandygy aýdylýar, ýöne olaryň sany görkezilmeýär.

Ewakuasiýa edilenleriň 14 günläp karantin astynda saklanyp, barlagdan geçiriljekdigi hem habar berilýär. .

Gazagystanyň Saglyk ministrligi 31-nji ýanwarda ýurtda 41 adamyň koronawirus barlagyndan geçirilýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG