Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý wirus bilen bagly “bärden gaýtmalaryň” bolandygyny boýun aldy


Hong Kongdaky ýüzi maskaly adamlar. 3-nji fewral, 2020 ý.
Hong Kongdaky ýüzi maskaly adamlar. 3-nji fewral, 2020 ý.

Hytaýyň ýolbaşçylary täze ölüm howply wirusa garşy görülýän çärelerde “bärden gaýtmalaryň we kemçilikleriň” bolandygyny aýtdylar. 3-nji fewraldaky maglumatlara laýyklykda, koronawirus sebäpli ölen adamlaryň sany 425-e ýetipdir.

Hytaýyň Milli Saglyk Komissiýasy 4-nji fewralda wirus sebäpli ýene-de 64 adamyň heläk bolandygyny, şeýle-de onuň bilen kesellän täze 3 müň 235 ýagdaýyň üstüniň açylandygyny aýtdy. Bu wirusa umumy hasapda 20 müň 438 adam ýolugdy.

Bu aralykda, koronawirus sebäpli Hong Kongda ilkinji adam öldi. Bu Hytaýyň daşynda heläk bolan ikinji adamdyr.

Bütindünýä Saglyk Guramasy wirus bilen baglylykda halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

Wirusyň dekabrda Hubeý welaýatynyň paýtagty Wuhandaky ýabany jandarlaryň bazaryndan ýaýrap başlandygy çaklanylýar.

Hytaýyň Politbýurosy ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça dolandyryşynyň kämilleşdirilmelidigini we ýabany jandarlaryň bikanun bazarlarynyň öňüniň alynmalydygyny aýtdy.

Hytaý medisina enjamlaryna, hirurgiýa maskalaryna we gorag lybaslaryna mätäçlik çekýändigini hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG