Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan Krymyň Russiýa tarapyndan ‘bikanun’ anneksiýa edilmegini tankytlady


Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Kiýewe edýän saparynyň çäginde Ukrainanyň territorial bütewiligine goldawyny bildirdi, şeýle-de Ankaranyň Russýanyň Krymy “bikanun” basyp almagyny ykrar etmeýändigini belledi.

Erdogan bu barada 3-nji fewralda ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiý bilen geçiren gepleşiklerinden soň çykyş etdi.

Erdogan 2014-nji ýylyň martynda Krymyň anneksiýa edilmeginden soň Ukrainanyň dürli künjeklerine göçmeli bolan “500 töweregi krym tatarlarynyň maşgalalaryny” jaý bilen üpjün etmek tagallalaryna hemaýat berjekdigini aýtdy.

Hukuk toparlary we Günbatar hökümetleri Krymda Moskwa tarapyndan goýlan resmileriň krym tatarlaryna garşy alyp barýandygy aýdylýan repressiw kampaniýasyny ýazgardylar.

Soňky ýyllarda Russiýa bilen has ýakyn gatnaşyklary guran Erdogan Moskwanyň Krymdaky hereketlerine garşy çykypdy. Ol hususanda krym tatarlarynyň hak-hukuklary barada çykyş etdi.

Ukraina 2014-nji ýylyň aprelinden bäri ýuduň gündogarynda Moskwa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen hem söweşýär. Konfliktde 13 müň töweregi adam öldi.

XS
SM
MD
LG