Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus firmasy Fransiýanyň aşa-sagçy syýasatçysynyň partiýasyna berlen $11 million karzy yzyna almakçy bolýar


Marine Le Pen we rus prezidenti Wladimir Putin. Moskwa. Mart, 2017 ý.
Marine Le Pen we rus prezidenti Wladimir Putin. Moskwa. Mart, 2017 ý.

Russiýanyň uçarlaryň şaý-esbaplaryny öndürýän näbelli bir kompaniýasy Fransiýanyň aşa-sagçy syýasatçysy Marine Le Peniň syýasy partiýasyny suda berip, ondan 10,8 million dollar möçberindäki pul serişdelerini yzyna almagy maksat edinýär. Bu serişdeler 2014-nji ýylda Fransiýandaky saýlaw kampaniýasyny maliýeleşdirmek üçin karz berlipdi.

Munuň bilen bagly ilkinji diňlenişigiň 2-nji iýunda Moskwanyň Artibtraž sudunda geçjekdigi aýdylýar.

Le Pen rus prezidenti Wladimir Putine simpatiýa bildirýändigini gizlemedi. Şeýle-de ol Moskwada ençeme gezek ýokary derejeli gepleşikleri geçirdi.

Ol Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymasyny basyp almagy sebäpli Günbataryň Moskwa garşy girizen sanksiýalaryny tankytlady we Ukrainanyň gündogaryndaky separatistleri goldady.

2014-nji ýylyň sentýabrynda Moskwada ýerleşýän Ilkinji Çeh Rus Banky Le Peniň Milli Front partiýasyna karz beripdi.

Şol döwür tankytçylar Milli Front partiýasyny Kreml tarapyndan Fransiýada rus bähbitlerini ilerletmek üçin ulanylmakda aýyplapdylar.

Partiýanyň resmileri rus bankyndan alnan karzyň “Putiniň syýasaty bilen ilteşiginiň ýokdugyny” aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG