Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýda wirus sebäpli ölenleriň sany 490-a ýetdi


Wirusyň Hubeý welaýatynyň paýtagty Wuhandan ýaýrap başlandygy çaklanylýar.
Wirusyň Hubeý welaýatynyň paýtagty Wuhandan ýaýrap başlandygy çaklanylýar.

Hytaýda koronawirus sebäpli, 4-nji fewraldaky maglumatlara laýyklykda, 490 adam öldi; şeýle-de oňa ýoluganlaryň sany 24 müň 324-e ýetdi.

Hytaýyň Saglyk boýunça Milli Komissiýasynyň maglumatyna laýyklykda, soňky 65 ölüm wirusyň ýaýrap başlandygy çaklanylýan Hubeý welaýatynda ýüze çykypdyr.

Hytaýda millionlarça raýata öýlerinden çykmazlyk tabşyryldy.

Hytaýyň daşynda, dünýäniň ýigrimi gowrak döwletinde umumy hasapda 175 adamyň wirus bilen keselländigi tassyklanyldy.

Bu aralykda, Hytaýa sapar etmedikleriň hem wirusa ýokuşandygy barada maglumatlar gowuşýar.

Wirus sebäpli, dünýäniň ençeme ýurdy, şol sanda ABŞ, Russiýa, Türkmenistan hem Hytaýa uçuşlaryny togtatdylar.

Bütindünýä Saglyk Guramasy wirus bilen baglylykda halkara derejesinde adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi.

Wirusyň dekabrda Hubeý welaýatynyň paýtagty Wuhandaky ýabany jandarlaryň bazaryndan ýaýrap başlandygy çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG