Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp döwlete ýüzlenip sözlän sözünde Amerikany "daýandyrandygyny" nygtady


Prezident Donald Tramp söz sözleýär. 4-nji fewral, 2020.
Prezident Donald Tramp söz sözleýär. 4-nji fewral, 2020.

Prezident Donald Tramp 4-nji fewralda, döwlete ýüzlenip eden üçünji çykyşynda öz ýolbaşçylygy astynda ABŞ ykdysadyýetinde gazanylan üstünlikler hakynda durup geçdi we şu ýyl giçlik gaýtadan saýlansa, sosial we saglyk ýeňilliklerini gorajakdygyny aýtdy.

2016-njy ýylda “Amerikany gaýtadan beýgeltmek” şygary bilen saýlawa gatnaşan Tramp, öz ýolbaşçylygy astynda ýurduň ozalky ýitiren sepgitlerini “yzyna alýandygyny", daýanýandygyny nygtady.

Iş orunlary köpelýär, girdejiler ýokarlanýar, garyp-pukaralyk kemelýär, jenatçylyk peselýär, ynam artýar we biziň ýurdumyz ýene gülläp ösýär we gaýtadan ýokary sylaga eýe bolýar” diýip, ol aýlyklar, iş orunlary we bazar gaznalary baradaky statistiki maglumatlara geçmezinden öň aýtdy.

Tramp prezidentlik kampaniýasy döwründe Demirgazyk Amerika azat söwda ylalaşygyny çalşyrmagy wada berdi, ol bu şertnamanyň Birleşen Ştatlaryň önümçilikdäki iş orunlarynyň dörtden biriniň ýitirilmegine alyp gelendigini öňe sürdi. Tramp geçen hepde Kanada we Meksika bilen täze söwda şertnamasyna gol çekdi.

Bu köp ýyllaryň dowamynda Amerikanyň kärdeşler arkalaşyklaryna berk goldaw bolan ilkinji söwda ylalaşygy” diýip, Tramp täze şertnamanyň 100 müň sany täze iş ornuny döretjekdigini belledi.

Tramp öz ýüzlenmesiniň beýleki esasy iki temasyna, saglygy saklaýyşa we bikanun immigrasiýa geçmesinden öň, sözlän sözüniň başky 20 minudyny ykdysadyýete bagyşlady.

Impiçment sudy

Prezidentiň bu ýyldaky döwlete ýüzlenmesi Trampyň Ukraina bilen baglylykda ýüzbe-ýüz bolan, şol bir wagtda-da Kongresiň içinde we ýurduň ilatynyň arasynda ozaldanam bar bolan bölünişigi has ýitileşdiren impiçment suduna gabat geldi.

Demokratlaryň köplügindeki Wekiller öýi dekabrda respublikaçy Trampyň garşysyna impiçmentiň iki maddasyny tassyk etdi. Respiblikalaryň köplügindäki Senatyň ony 5-nji fewralda bu aýyplamalardan aklamagyna garaşylýar.

Bu ýerdäki bölünişik dartgynlygy hatda Tramp sözüne başlamazyndan öň hem duýuldy.

Prezident münbere çykyp, öz sözlejek sözüniň göçürmelerini şol ýerde duran wise-prezident Maýk Pense we Wekiller öýüniň spikeri Nansy Pelosä gowşuryp, derrew yzyna öwrüldi hem-de Pelosiniň görüşmek üçin uzadan elini görmedi ýa görmezlige saldy.

Söz sözlenenden soň, Pelosiniň, belki-de, Trampyň münbere çykyp sözlemezinden öň özüne beren söz ýazgysynyň kagyzlaryny ýyrtýandygy göründi.

Pelosi sentýabrda Wekiller öýüniň Tramp babatda impiçment derňewine başlamagyna ygtyýar berdi we ol ikisiniň oktýabrdan bäri asla gürleşmändigi aýdylýar.

Tramp öz sözlän sözünde impiçment suduny, soňky ýarym ýylda Kongresiň köp wagtyny alan wakany asla agzamady. Şeýle-de ol daşary syýasat hakynda az gürrüň etdi.

Demokratlar söz sözlenen wagty ýüzlerini asyp, agras oturdylar, olaryň käbiri Trampyň getirýän statistiki maglumatlaryny sorag astyna alýan şekilde baş ýaýkady.

Respublikanlar bolsa, söz sözlenýän wagty “ýene-de bir dört ýyl” diýip gygyryşdylar we prezident her gezek säginende diýen ýaly ör turup, ellerini çarpdylar.

Tramp şu ýyl geçiriljek saýlawlarda gaýtadan prezident saýlanmak isleýär we onuň döwlete ýüzlenmesi ýurduň dürli ýerlerinde ykdysady ösüş we bikanun immigrasiýa garşy göreş barada eden kampaniýa çykyşlaryna çalymdaş boldy.

Demokratlaryň 3-nji noýabrda Trampa garşy çykarjak kandidatlaryny kesgitlejek bäsleşik düýn, Aýowa ştatynda başlandy.

Gallup tarapyndan döwlete ýüzlenmeden öň çap edilen pikir soramalarynyň netijesi Trampyň işiniň 49% derejede goldaw alandygyny görkezdi, bu onuň 2017-nji ýylda häkimiýet başyna gelen wagtyndan bäri alan iň ýokary goldaw derejesidir.

Emma muňa garamazdan, respublikanlaryň 94 prosent goldawy bilen deňeşdirilende, onuň işini demokratlaryň diňe 7 prosenti tassyklaýar.

Bu Gallup guramasynyň iş başyndaky prezident bilen baglylykda owalda-ahyrda hasaba alan iň uly tapawudy bolup, ýurduň ilatynyň arasyndaky kesgin bölünişigi görkezýär.

XS
SM
MD
LG