Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Senaty Donald Trampyň wezipesinden çetleşdirilmegine garşy ses berdi


ABŞ-nyň Senaty prezident Donald Tramp

ABŞ-nyň Senaty prezident Donald Trampyň wezipesinden çetleşdirilmegine garşy ses berdi. Amerikan parlamentiniň aglaba köplügi respublikanlardan durýan ýokarky palatasy döwlet baştutanynyň häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanandygy we Kongresiň işine päsgelçilik döredendigi baradaky aýyplamalary ykrar etmekden ýüz öwürdi.

Trampyň häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmagy aýyplamasy esasynda wezipesinden çetleşdirilmegi üçin 48 senator ses berdi, 52 senator muňa garşy boldy. Kongresiň işine päsgel bermek aýyplamasyna 53 senator garşy ses berdi, 47 senator bu aýyplamany goldady.

Prezidentiň işden çetleşdirilmegi üçin diňe bir respublikaçy, ozalky prezidentlige kandidat, tanymal respublikan Mit Romni ses berdi. Ol ses berişlikden birnäçe saga öň birinji aýyplama boýunça impiçment üçin ses berjekdigini yglan etdi.

Romni senatorlaryň taryhynda demokratlaryň öz partiýasyndan bolan prezidenti wezipesinden çetleşdirmek boýunça eden teklibini goldan ilkinji respublikaçy boldy.

Hiç bir demokrat, hatda bir topar meselede Trampy goldaýan Joe Mançin hem prezidentiň aklanmagyna ses bermedi.

Wekiller öýi geçen ýylyň dekabrynda Trampyň garşysyna iki madda - häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmak we Kongresiň işine päsgel bermek maddalary boýunça aýyp bildirdi.

Bu aýyplamalaryň ikisi hem onuň ukrain prezidentini ozalky wise-prezident, demokratlaryň mümkin bolan prezidentlige kandidaty Joe Baýdeniň ogly Hanter Baýdeniň işlerini derňemäge iteklemek synanyşygy bilen bagly.

Demokratlaryň tassyklamagyna görä,diýeni edilmedik ýagdaýynda, Tramp ukrain prezidentine Kiýewe berilýän harby kömegi togtatmak haýbatyny atypdyr.

ABŞ-nyň taryhyndaky üçünji impiçmentden soň, Trampy wezipesinden çetleşdirmek meselesi Senatda çözüldi. Trampyň wezipesinden çetleşdirmegi üçin 100 senatoryň üçden ikisiniň goldaw bermegi zerurdy.

Senatda respublikan partiýanyň agzalary agdyklyk edýär we turuwbaşdan prezidenti wezipesinden çetleşdirmek mümkinçiliginiň pesdigi aýdyldy. Prosesiň dowamynda senatorlaryň köplügi täze şaýatlary çagyrmakdan boýun gaçyrdy.

Donald Tramyň özi bu aýyplamalary ret etdi we ençeme gezek “arwah awlamaga” synanmak hökmünde häsiýetlendirdi. Onuň aklawçylary Trampyň hiç bir jenaýat etmändigini, şu sebäpden ony wezipeden çetleşdirmegiň Konstitusiýa laýyk gelmeýändigini aýtdylar.

Respublikan senatorlaryň birnäçesi prezidentiň hereketiniň etika sygmaýandygyny boýun aldy, emma munuň impiçment etmek üçin ýeterlik däldigini aýtdy. Prezidentiň reýtingi bu prosesiň dowamynda aşak gaçman, pikir soramalaryň köpüsinde biraz ýokary galdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG