Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ak tam ‘doly aklanyşy” jar edýär, Tramp impiçment beýanatyny planlaşdyrýar


Impiçmentiň ikinji maddasy boýunça ses berişlik 53-47 hasabynda, günäkär däl netije bilen tamamlandy.
Impiçmentiň ikinji maddasy boýunça ses berişlik 53-47 hasabynda, günäkär däl netije bilen tamamlandy.

Ak tam, Senatdaky suddan garaşylan aklamadan soň, prezident Donald Trampyň garşysyna gurnalan “galp” impiçment prosesiniň “doly aklanyş we jogapkärçilikden boşadylmak” bilen tamamlanandygyny aýtdy, prezident bolsa bu mesele boýunça özüniň 6-njy fewralda gürrüň etjekdigini aýtdy.

“Demoktarlar tarapyndan toslanyp tapylan galp impiçment şu gün prezident Donald J.Trampyň doly aklanmagy we jogapkärçilikden boşadylmagy bilen tamam boldy” diýip, Ak tamyň 5-nji fewralda, senatorlar impiçmentiň iki maddasyny tas doly partiýa liniýasy esasynda sese goýanlaryndan soň çap eden beýanatynda aýdylýar.

“Biziň ozal hem aýdyşymyz ýaly, ol günäkär däl. Senat impiçmentiň esassys maddalaryny ret etdi we diňe prezidentiň syýasy garşydaşlary, demokratlaryň ählisi we prezidentlige kandidatlykda şowsuzlyga uçran respublikan toslanan impiçment maddalary üçin ses berdi” diýip, beýanatda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG