Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gezelenç gämisindäki adamlaryň arasyndan wirus ýokuşanlar tapyldy, köp adam karantinde ýerleşdirildi


“Diamond Princess” gämisi

Ýaponiýanyň Ýokohama portunda saklanan gezelenç gämisiniň bortundaky adamlaryň 10 sanysyna Hytaýda ýaýran korona wirusynyň ýokuşandygy anyklanyp, bu wirus bilen hassalan adamlaryň sanynyň iki esse artmagyna geirdi, 170 adamyň bolsa barlaglarynyň netijeleri anyklanýar.

Saglyk ministri Katsunobu Kato 5-nji fewralda “Diamond Princess” gämisiniň üstündäki adamlaryň ählisiniň 14 güne çenli karantinde saklanyljakdygyny aýtdy. Wirus ýokuşan adamlaryň ählisi saglyk desgalaryna ýerledşirildi.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi Orsýetiň Tokiodaky ilçihanasyny bu gämide 24 orsýetliniň bolandygy bilen habarly etdi. Ilçihana rus raýatlarynyň hiçisine wirus ýokuşmandygyny aýtdy we öz feýsbuk sahypasynda “gezelenç gämisinde syýahat eden raýatlaryna kömek bermek işlerini dowam etdirýändigini” habar berdi.

Gäminiň üstündäki ýolagçylaryň biri AÝ/AR bilen habarlaşyp, ol ýerde azyndan 20 sany ukrain raýatynyň bardygyny aýtdy. Barlagyň dowam etmegi bilen, bu wirusyň ýokuşan adamlarynyň sanynyň köpelmegi mümkin.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG