Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda PÝGG-niň sürüjilerden para almak tejribesi gaýtadan güýçlendi


Illýustrasiýa suraty

Lebapda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň ulag sürüjilerinden para almak tejribesi gaýtadan güýçlendi diýip, Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçysy habar berýär.

Ýatlatsak, geçen ýylyň dördünji çärýeginde Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylary polisiýa işgärlerine gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň yzýany, olaryň sürüjilerden para almak faktlarynyň azalandygyny habar beripdiler.

“Şu günler ýurduň Içeri işler ministrligine degişli edaralaryň işgärleriniň raýatlardan para almak tejribesi täzeden işjeňleşdi. Bu tejribe geçen ýylyň ahyrynda birneme gowşapdy. Lebap-Mary ýolundan Türkmenabat şäherine girilýän derwezäniň golaýynda ýol polisiýasynyň inspektorlary radarlary eline alyp durlar. Olar ulaglary saklap, dürli, tutaryksyz sebäplere esaslanyp, sürüjilere jerime ýazmak haýbatyny atýarlar” diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 6-njy fewralda gürrüň berdi.

Sürüjiler bilen polisiýa işgärleriniň arasyndaky gürrüňdeşliklere birnäçe gezek şaýat bolan habarçynyň sözüne görä, ýol polisiýasy sürüjilere köplenç aşa ýokary tizlikde sürendigini aýdyp, olara sürüjilik şahadatnamasyny elinden almak haýbatyny atýarlar.

“Polisiýa işgärleri sagatda 60 kilometr tizlikde barýan sürüjilere 90 ýa-da 100 kilometr tizlikde barýandygyny aýdyp aldaýarlar. Sürüjiler olaryň aýdýan tizliginiň dogry däldigini düşündirmäge synanyşsa-da, olar şahadatnamany alýarlar. Şondan soň sürüjiler täzeden synagdan we komissiýadan geçmeli bolýarlar. Olar bu ýerde-de para bermese, synagdan we komissiýadan geçip bilmeýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Ulag sürüjileriniň ençemesi bilen söhbetdeş bolan habarçynyň aýtmagyna görä, sürüjiler täzeden synag tabşyryp, komissiýadan geçmek üçin 2 müň manada çenli para bermeli bolýarlar.

“Şonuň üçin sürüjileriň köpüsi ýol polisiýasyna 50 manat para berip, şonuň bilen dynyp gaýdanlaryny gowy görýärler” diýip, habarçy nygtady.

Azatlyk Radiosyna bu aýdylanlar barada Lebap welaýat polisiýasyndan we ýurduň Içeri işler ministrliginden kommentariý almak başartmady.

Türkmenistanda PÝGG-niň işgärleriniň arasynda, dürli sebäplere ýa-da bahanalara esaslanyp, sürüjilerden para almak tejribesiniň giňden ýaýrandygy barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri ýylyň-ýylyna habar berip gelýärler. Bu maglumatlar wagtal-wagtal döwlet derejesinde hem boýun alynýar.

Geçen ýylyň 1-nji oktýabrynda geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň şol wagtky içeri işler ministri Isgender Mulikowy korrupsiýa sebäpli işinden boşadypdy. Dekabryň başynda ol türme tussaglygyna höküm edildi.

Oktýabryň başynda Mulikowyň deregine Mämmethan Çakyýewiň wezipä bellenilmegi bilen, ýurduň dürli regionlarynda, şol sanda Lebap welaýatynda PÝGG-niň işgärlerine gözegçilik güýçlenipdi.

Şonda polisiýa işgärlerine edilýän gözegçilik ýerli ýaşaýjylary sähel rahatlatsa-da, türkmenistanlylaryň ençemesi täze ýagdaýyň uzaga çekjeginiň ikuçlydygyny aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG