Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ we Russiýa Wenezuela boýunça söz üsti bilen garpyşdylar


ABŞ-nyň Wenezuela boýunça ýörite wekili Elliott Abrams
ABŞ-nyň Wenezuela boýunça ýörite wekili Elliott Abrams

ABŞ bilen Russiýa Wenezuela boýunça söz üsti bilen garpyşdylar.

Moskwa, ABŞ we dünýäniň 50-den gowrak beýleki döwleti tarapyndan bikanun hasaplanýan, Wenezuelanyň prezidenti Nikolas Madurony goldap çykyş edýär.

Birleşen Ştatlaryň günorta amerika ýurdy boýunça ýörite wekili Elliott Abrams Russiýany Madurony goldamazlyga çagyrdy.

Bu aralykda, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow ABŞ-nyň Wenezuela boýunça daşary syýasatyny tankytlady. Ol Waşingtony harby interwensiýa üçin esasy döretmek synanyşygynda aýyplady.

Wenezuela häzir syýasy krizisi başdan geçirýär. Maduro 2019-njy ýylyň ýanwarynda ikinji möhlete prezidentlige kasam getireninden soňra, ençeme aýlap hökümete garşy köçe protestleri geçirildi. Oppozisiýa 2018-nji ýylyň maýynda geçirilen prezident saýlawlarynda galplyklaryň bolandygyny aýdyp, ony boýkot edipdi.

Maduronyň häkimiýeti döwri ýurt ykdysady çökgünlige we gumanitar heläkçilige uçrady. Munuň netijesinde, millionlarça adamy ýurdy terk etdi.

Oppozisiýa sosialist Maduronyň ýurdy krizise eltendigini aýdýar.

Maduro krizisi döretmekde daşarky güýçleri, şol sanda ABŞ-ny aýyplaýar.

ABŞ we düýäniň beýleki 50-den gowrak döwleti Wenezuelanyň geçiji prezidenti hökmünde oppozisiýadaky Juan Guaidony ykrar edýär.

XS
SM
MD
LG