Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan kanun çykaryjylary beçebazlaryň asylyp öldürilmegine goldaw bildirdi


Pakistanlylar zorlanyp öldürilen gyzy jaýlaýarlar. Kasur, Penjap welaaýty, 10-njy ýanwar, 2018.
Pakistanlylar zorlanyp öldürilen gyzy jaýlaýarlar. Kasur, Penjap welaaýty, 10-njy ýanwar, 2018.

Pakistanyň parlamentiniň aşaky öýi jynsy zorlukda we çagalaryň öldürilmeginde günäli tapylan adamlaryň il ortalaýyn asylyp öldürmegine çagyrýan rezolýusiýany kabul etdi. Bu çagyryş oppozisiýa we adam hukuklary aktiwistleri tarapyndan tankyt edildi.

"Çagalara garşy jenaýat edýänlere rehim edilip bilinmez... Olar şäherleriň ortasynda asylmaly” diýip, parlament işleri boýunça ministri Ali Muhammad Han 7-nji fewralda, Milli ýygnakda bu rezolýusiýa bilen tanyşdyranyndan soň aýtdy.

Kanun çykaryjylaryň ýarysyndan gowragy Pakistanyň dolandyryjy Tehrikeýe-Ynsap partiýasy tarapyndan goldanylýan rezolýusiýanyň haýryna ses berdi.

Pakistanyň Halk partiýasy bu karara garşy çykyp, jezalary ýowuzlaşdyrmagyň çagalaryň jynsy taýdan zorlanmagyny azaltmajakdygyny aýtdy.

Pakistanda soňky ýyllarda çagalaryň garşysyna amala aşyrylýan jynsy zorluklar köpelip, millet derejesindäki köçe protestlerine alyp geldi. Emma bu jenaýatlar boýunça ýazgarylýan köp däl.

XS
SM
MD
LG