Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýlandly harby azyndan 17 adamy atyp öldürdi


Jakraphanth Thomma
Jakraphanth Thomma

Taýlandly harby gullukçy 8-nji fewralda ýaragly, harby awtoulagy alyp gaçyp, ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Nakhon Ratçasima şäherinde, ilki buddaçylaryň ybadathanasynyň golaýynda, soňra söwda merkezinde adamlary oka tutup, azyndan 17 adamy öldürdi we 20-den gowrak adamy ýaralady.

Bu hadysa paýtagt Bankokdan 250 km çemesi uzaklykda boldy.

Biraz öň esgeriň üç ofiseri oka tutup, harby awtoulagy we 700 çemesi oky alyp gaçandygy aýdylýar.

Ol öz hüjümini feýsbukda, göni efirde alyp görkezdi. Soňky maglumatlara görä, ol 20 adamy öldürdi, birnäçe adam zamun alyp, söwda merkeziniň içinde barrikada gurdy.

Biraz soň polisiýa zamunlaryň bir bölegini boşatdy, soňra näme bolandygy belli däl.

Ýerli media Taýlandyň günortasyndan, onlarça ýyllyk pitneçiligiň erjellik görkezýän ýerinden tapawutlylykda, bu sebitde bolan seýrek hadysada azyndan 12 adamyň öldürilendigini habar berdi.

Polisiýa güman edilýäniň şahsyýetini Jakrapanth Thomma diýip kesgitledi.

Ol biraz öň feýsbukdaky sahypasynda “Ölümiň her bir adam üçin gutulgysyzdygyny” aýtdy.

Şeýle-de ol özüniň eli ýaragly düşen suratyny çap etdi.

Söwda merkeziniň daşy polisiýa we goşunyň ýörite bölümleri tarapyndan gabalan, töwerekdäki ýollar ýapyk. Hüjümiň sebäbi açyk aýdylmaýar.

XS
SM
MD
LG