Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň Nangarhar welaýatyndaky hüjümde ABŞ-nyň iki esgeri öldürildi


Güman edilýän jeňçileriň birnäçesi tussag edildi. Nangarhar. 29-njy ýanwar, ,2020
Güman edilýän jeňçileriň birnäçesi tussag edildi. Nangarhar. 29-njy ýanwar, ,2020

Owganystanyň günortasyndaky Nangarhar welaýatynda bolan ýaragly söweş wagtynda ABŞ-nyň iki esgeri öldürildi, alty esgeri ýaralandy.

ABŞ harbylarynyň ilki beren maglumatynda bu hüjümiň owgan milli goşunynyň ýuniformasyny geýen adam tarapyndan amala aşyrylandygy aýdyldy.

Polkownik Sonny Leggett, ABŞ-nyň Owganystandaky güýçleriniň sözçüsi 9-njy fewralda, irden beýanat çap edip, bu hadysanyň bilelikdäki ABŞ-Owgan güýçleriniň “esasy liderler duşuşygyndan” gaýdyp gelýän wagtlarynda bolandygyny aýtdy.

ABŞ güýçleri bu hili duşuşyklarda saýlanyp alnan sebitleriň möhüm şahslary bilen görüşýärler.

"Biz şindi hem maglumat ýygnaýarys we bu hüjümiň arkasyndaky zatlar ýa-da sebäp şindi aýdyň däl” diýip, Leggett aýtdy.

XS
SM
MD
LG