Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Taýlandda 26 adamy atyp öldüren esger atlylyp öldürildi


Öldrilen esger Jakraphanth Thomma
Öldrilen esger Jakraphanth Thomma

Taýlandyň howpsuzlyk ofiserleri aziýanyň demirgazyk-gündogaryndaky ýurtda 17 sagatlap çem gelen adamy oka tutan we 26 adamy öldürip, 57 adamy ýaralan esgeri atyp öldürdiler.

Saglyk ministri Anutin Çarnwirakul 9-njy fewaralda irden 32 ýaşyndaky esgeriň Nakhon Ratçasima şäherindäki 21-nji terminalda atylyp öldürilendigini aýtdy.

"Polisiýa we goşun bu gowgany soňlany üçin sag bolsun. Atyjy atylyp öldürildi!!!" diýip, Çarnwirakul feýsbukda çap eden maglumatynda habar berdi.

Polisiýa güman edilýän atyjynyň Jakrapanth Thomma bolandygyny, onuň ýer dawasy üstünde öýke-kineli bolup, gahar edendigini aýtdy.

Premýer-ministr Prayuth Çan-oça sol esgeriň ýer ylalaşygynda özüni aldawa salnan hasaplap, öýke-kine sebäpli şeýle herekete baş goşandygyny aýtdy.

Polisiýa bu ganhorlugyň 8-nji fewralda sagat 3-e golaý, esger goşun lagerine, söwda merkezine ugramazyndan we öz hereketini feýsbukda görkezip başlamazynda öň bir öýde ot açandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG