Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidentiniň körekeni Garyşyk söweş sungaty boýunça konfederasiýasynyň başlyklygyna saýlandy


Mirziýoýewiň kiçi gyzyna öýlenen Otabek Umarow.
Mirziýoýewiň kiçi gyzyna öýlenen Otabek Umarow.

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň kiçi körekeni ýakynda esaslandyrylan Garyşyk söweş sungaty boýunça Merkezi Aziýa konfederasiýasynyň başlyklygyna saýlandy. Bu konfederasiýanyň baş edarasy Daşkentde ýerleşer.

Mirziýoýewiň kiçi gyzyna öýlenen Otabek Umarow bu wezipä 6-8-nji fewralda Gazagystanda geçirilen Garyşyk söweş sungaty boýunça halkara federasiýanyň konferensiýasynda saýlandy.

Bu konfederasiýa Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Garyşyk söweş sungaty boýunça milli assosiasiýalaryny özünde jemleýär.

Umarow Özbegistanyň Garyşyk söweş sungaty boýunça ýaş assosiasiýasyna eýýäm başlyklyk edýär. Şeýle-de, ol Mirziýoýewiň şahsy howpsuzlygynyň başlygynyň orunbasary wezipesini ýerine ýetirýär. Mundanam başga, Umarow ýokary derejeli daşary ýurt wekilleri bilen geçirilýän çärelerde näresmi ilçi hökmünde çykyş edýär.

Geçen ýylyň martynda ol Özbegistanyň Triatlon federasiýasynyň başlyklygyna saýlanypdy.

XS
SM
MD
LG