Täjigistanyň düzediş koloniýalaryndan bäş işgär hyýanatçylykda hem korrupsiýada aýyplanyp saklandy. 11-nji fewralda ýurduň Döwletmaliýekontrollygy agentliginiň hem korrupsiýa garşy göreş edarasynyň mälim etmegine görä, olar tussaglara saklanyş şertlerini gowulandyrmagy wada berip, para alypdyrlar.
Korrupsiýa garşy göreş edarasynyň ýolbaşçysy Kutbiddin Safarzodanyň Azatlyk Radiosyna mälim etmegine görä, düzediş koloniýalaryndaky para almakda aýyplananlaryň derňew işleri tamamlanyp, häzir suda geçirilipdir. Tutulanlaryň arasynda jenaýat jezasyny çekýänleriň bir edarasynyň başlygynyň orunbasary bilen Ýawana hem Duşenbe türmeleriniň dört tussaghana gözegçileri bar.
«Jenaýat jezasyny çekýänleriň edarasynyň başlygynyň orunbasary 13 müň somoni (1300 dollardan gowrak) para alypdyr. Beýleki tutulanlaryň jenaýat işleri başgarak bolup, käbiri türmede saklanýanyň ýagdaýyny gowulandyrmak barada galp dokument düzüpdir hem 4 müň somoni möçberinde para alypdyr. Soňra bolsa ol dokumenti suda ibermegi “ýadyndan çykarypdyr”» diýip, Kutbiddin Safarzoda aýdýar.
Antikorrupsiýa garşy edaranyň çinownikleri ol türme gözegçileriniň haçan we nähili ýagdaýda tutulandygyny düşündirmeýärler. Ýöne Täjigistanyň hökümetleri tussaglaryň jeza çärelerini çekýän edaralarynda korrupsiýanyň bardygyny ilkinji gezek açyk boýun aldy.
Raýhona Saidowa öňki adwokatdy, soňra ol türmä düşdi hem geçen güýzde azatlyga çykaryldy. Onuň Azatlyk Radiosyna öňräk beren bir interwýusynda aýtmagyna görä, türme ulgamynda korrupsiýa gülläp ösýän bolmaly. „Men türmeleriň kommersiýa edaralaryna öwrülendigine göz ýetirdim. Tussagyň puly bolmasa, ol hiç kim. Türmede oturan tussaglaryň haýsy biri pul çykaryp bilse, oňa aýratyn gowy garaýarlar. Türme administrasiýasy bizden kä wagtlar ol-bu zatlary öz hasabymyza bejermegi talap edýärdi. Şeýle bolanda, meniň student oglum işlemäge mejbur bolup, gazananja puluny maňa berýärdi” diýip, öňki adwokat gürrüň berýär.
Käbir düzediş koloniýalarynda türme gözegçileri öz «gözhakyny» alyp, tussaglaryň elindäki mobil telefonlary görmezlige salýandygy aýdylýar. Türmede oturanlardan biri şeýle ýagdaý dogrusynda Azatlyk Radiosyna: «türmede pul almak üçin seni köp zada mejbur edýärler, eger pul çykarmasaň urup-ýençýärler ýa-da masgara edýärler – diňe töle!» diýip, hat ýazypdy.
Öňräk ýarym ýylyň içinde täjik türmelerinde iki gezek gozgalaň ýüze çykdy. Hojantdaky berk düzgünli 3/3 türmede 2018-nji ýylyň 7-nji noýabrynda gozgalaň boldy, soňra 2019-njy ýylyň 19-njy maýynda Wahdat şäherindäki №3/2 düzediş koloniýasynda gozgalaň ýüze çykdy. Resmi maglumata görä, Wahdat №3/2 türmesinde saklanýan «Yslam döwleti» diýilýän terroristik guramadan bolan aýratyn howply 30 sany jenaýatçy türmeden gaçmak üçin, pyçak hem beýleki kesiji gurallar bilen ýaraglanyp, özlerine birnäçe adamy zamun alypdyrlar hem türme işgärlerinden üç sanysyny öldüripdirler. Umumylykda, 32 adam ölüp, 29 sany tussag hem-de düzediş koloniýasynyň 3 işgäri ýaralandy.
Häzirki wagtda Täjigistanda 19 sany jenaýat-düzediş edarasy hereket edýär. Geçen ýylyň oktýabrynda amala aşyrylan amnistiýa laýyklykda, 7 müňden gowrak tussag türmelerden boşadyldy.
Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.