Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Pakistanyň Mumbai hüjümlerini gurnamakda aýyplanýan jeňçini tussaglyga höküm etmegini gowy garşylady


Hafiz Said öz tarapdarlaryna elini galgadýar. 2017 ý.
Hafiz Said öz tarapdarlaryna elini galgadýar. 2017 ý.

ABŞ 2008-nji ýylda Hindistanyň Mumbai şäherindäki hüjümleri gurnamakda aýyplanýany türme tussaglygyna höküm edilmegini gowy garşylap, munuň Pakistan üçin “bir ädim öňe” bolandygyny aýtdy.

12-nji fewralda Pakistanyň gündogaryndaky Lahore şäheriniň terrorçylyga garşy sudy Hafiz Saidi terrorizmi maliýeleşdirmek boýunça iki ýagdaý bilen ilteşikli 11 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Emma iki hökümiň hem bir wagtda amala aşyryljakdygy sebäpli, Said türmede 5 ½ ýyl oturar.

Saidiň aklawçysy suduň hökümine şikaýat etjekdiklerini aýtdy.

Bu iş boýunça geçýän Saidiň ýakyn ýaranlarynyň biri Malik Zafar Ikbala hem meňzeş höküm çykaryldy.

ABŞ-nyň Günorta Aziýa boýunça ýokary derejeli diplomaty Alise Wells munuň Saidiň “Laşkar-e-Taiba” jeňçi toparyny “jenaýatlary üçin jogapkärçilige çekilmegine, şeýle-de Pakistanyň terrorizmi maliýeleşdirilmegiň öňüni almak boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmegine ýardam etjekdigini” aýdyp, Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Said “Laşkar-e-Taiba” toparyny esaslandyrypdy. ABŞ we Hindistan jeňçi toparyny Hindistanyň Mumbai şäherine edilen hüjümleri amala aşyrmakda aýyplaýarlar. Şonda 160 adam, şol sanda amerikalylar hem öldürilipdi.

Said Mumbai hüjümlerine ilteşiginiň ýokdugyny aýdypdy. Emma, Hindistan onuň jezalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çagyryşlary etdi.

XS
SM
MD
LG