Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dünýäde kononawirusa ýolugan adamlaryň jemi sany 71 müňden aşdy


Hytaýda bir saglyk işgäri

Dünýäde täze kononawirusa ýolugan adamlaryň jemi sany 71 müňden aşdy. Bu adamlaryň 70 müňden gowragy Hytaýda ýaşaýar we bu ýurtda wirusdan ölenleriň sany 1770 adama ýetdi.

Üç günüň dowamynda bu wirusa ýoluganlaryň sany azalan mahaly, soňky 24 sagatda bu wirus başga-da 2 müň 48 adama ýokuşdy. Bu bir gün ozalkydan 39 adam köpdür diýip, 17-nji fewralda Hytaýyň Milli saglygy goraýyş komissiýasy aýtdy.

Şeýle-de, Hytaýda bu wirusdan başga-da 105 adamyň ölendigi habar berilýär.

Bu aralykda, Ýaponiýanyň häkimiýetleri ýapon portunda saklanan “Diamond Princess” gezelenç gämisiniň bortundaky başga-da 70 adama koronawirusyň ýokuşandygyny yglan etdiler.

Wirus ilki dekabrda Hytaýyň Wuhan welaýatynyň paýtagty Hubeýde ýaýrap başlady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG