Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ylalaşyk baradaky habarlara garamazdan, ‘Talyban’ bäş owgan esgerini öldürdi


Owganystanyň howpsuzlyk işgäri. Illýustrasiýa suraty
Owganystanyň howpsuzlyk işgäri. Illýustrasiýa suraty

Owganystanyň resmileri “Talyban” söweşijileriniň ýurduň demirgazygyndaky baza kürsäp girmegi netijesinde azyndan bäş owgan esgeriniň ölendigini aýdýarlar. Olar bu hüjümiň Birleşen Ştatlar bilen “Talybanyň” arasyndaky ylalaşykdan öň, “ýowuzlygyň azalmagyna” garaşylýan mahaly amala aşyrylandygyny belleýärler.

Hüjüm 16-njy fewralda Gunduz welaýatynyň Şora Hak etrabynda amala aşyryldy. Bu waka, bir hepdäniň dowamynda ýowuzlygy azaltmak barada “Talyban” bilen “şertlere esaslanýan” ylalaşyga gelnendigi hakda ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esperiň eden çykyşyndan birnäçe gün soňa gabat geldi.

“Gynansakda, armiýanyň bäş esgeri şehit boldy we başga-da üç sanysy ýaralandy” diýip, 17-nji fewralda Owganystanyň Goranmak ministrligi mälim etdi. “Talybanyň” söweşijileriniň arasynda-da ýaralananlar bar diýip, ministrlik belledi.

Gunduz polisiýasynyň metbugat wekili Enhamuddin Rahmaniniň aýtmagyna görä, ok atyşyklar birnäçe sagat dowam etdi we iki tarapdan hem ejir çekenler boldy.

“Talybanyň” metbugat wekili Zabihullah Mujahidiň Twitterde öňe sürmegine görä, hüjümiň dowamynda söweşijiler 19 sany howpsuzlyk işgärini öldürdiler we dört sany harby ulagy ýok etdiler. Şeýle-de, olar ýaraglary we beýleki harby serişdeleriň uly göwrümini ele saldylar.

Owganystanda ýowuzlygy azaltmak baradaky ylalaşygyň haçan başlandygyny ýa-da haçan başlatmagyň planlaşdyrylandygyny anyklamak häzirlikçe başartmady.

XS
SM
MD
LG