Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda jaýlary ýykyljak oba ýaşaýjylary bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklarda üç adam ýaralandy


14-nji fewralda Özbegistanyň oba ýaşaýjylaryna jaýlarynyň ýykyljakdygy aýdylandan soňra, ýerli ilat polisiýa bilen çaknyşdy.

Özbegistanyň oba ilatyna jaýlarynyň ýykyljakdygy barada aýdylandan soňra, ýerli ýaşaýjylar bilen özbek polisiýasynyň arasynda bolan çaknyşyklarda üç adam, şol sanda iki polisiýa ofiseri ýaralandy.

Waka şaýat bolanlaryň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, bu waka 14-nji fewralda, ýagny etrap administrasiýasynyň agzalaryndan, prokurorlardan we Içeri işler ministrliginiň resmilerinden düzülen topar Surhandarinskiý regionynyň Altynsaý etrabyndaky Halkobod obasyna baranda başlady. Bu oba özbek paýtagty Daşkentiň 667 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär.

Şonda ýaşaýjylaryň käbirine olaryň öýleriniň oba hojalyk ýeri diýlip kesgitlenen ýerde bikanun gurlandygy aýdyldy. Şondan soň gahar-gazaba bürenen adamlaryň bir topary oba hojalyk ýerinde üýşmäge başlady.

Polisiýa ýerli ýaşaýjylara jaýlarynyň ýykyljakdygyny aýdyp, olary köşeşdirmäge we pikir ýöretmäge synanyşanda, gahar-gazaply oba ýaşaýjylarynyň käbiri ofiserlere taýaklar, paltalar we piller bilen hüjüm etdi diýlip, regional polisiýanyň habar gullugynda aýdylýar.

Waka barada sosial mediada çap edilen wideoda özbek polisiýasy ýaragsyz ýaşaýjylary urýan we ýere süýreýän ýaly bolup görünýär. Şeýle-de, wideoda ýüzi ganaýan bir adamy görse bolýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG