Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda Hytaýyň sermaýalaryna garşy protest geçirilýär


Protestçiler gyrgyz hökümetinden $275 millionlyk logistika merkezi baradaky planlarynyň ýatyrylmagyny talap etdiler.

Gyrgyzystanyň merkezi Naryn regionynyň At-Başi obasynyň golaýynda ýüzlerçe adam sebitdäki hytaý proýektine garşy protest geçirdiler.

17-nji fewraldaky demonstrasiýalar bu Merkezi Aziýa ýurdunda Pekiniň artýan täsirine garşy geçirilen jemgyýetçilik ýörişleriniň iň soňkusydyr.

Protestçiler gyrgyz hökümetinden sebitde gurulmagy göz öňünde tutulýan $275 millionlyk logistika merkezi baradaky planlarynyň ýatyrylmagyny talap etdiler. Bu proýekt barada 2019-njy ýylda hytaý prezidenti Şi Jinpingiň Gyrgyzystana eden saparynyň dowamynda ylalaşylypdy.

Protestiň gurnaýjylary ýörişe 2 müňden gowrak adamyň gatnaşandygyny aýtdylar.

Emma, ýerli resmiler demonstrantlaryň 700-800 aralygynda bolandygyny, şeýle-de protestçileriň talaby bilen baglylykdaky gyrgyz hökümetiniň jogabynyň mälim ediljekdigini aýtdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG