Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek serhetçileri Fergana jülgesinde 13 gyrgyz raýatyny sakladylar


Fergana jülgesinde üç döwletiň, ýagny Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň serhetleri ýerleşýär.
Fergana jülgesinde üç döwletiň, ýagny Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň serhetleri ýerleşýär.

Özbek serhetçileri goňşy Gyrgyzystan bilen araçäkdäki Batken regionynda 13 gyrgyz raýatyny sakladylar.

Gyrgyzystanyň Döwlet serhet gorag gullugynyň beren maglumatyna görä, Fergana jülgesindäki Çekelik obasynyň ýaşaýjylary 19-njy fewralda “tötänlik bilen özbek territoriýasyna geçeninden” soňra saklanypdyrlar.

“Özbek serhetçileri tarapyndan saklanan gyrgyz raýatlarynyň şahsyýetleri anyklanýar. Olary boşatmak baradaky gepleşikler dowam edýär” diýip, Batken regionynyň Döwlet serhet gorag edarasy aýtdy.

Fergana jülgesinde üç döwletiň, ýagny Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň serhetleri ýerleşýär. 1991-nji ýylda ýurtlar garaşsyzlygyna eýe bolanyndan bäri bu sebitdäki serhet araçäkleri anyk kesgitlenmedi. Sebitiň köp ýerleri dawaly bolmagyna galýar.

Gyrgyz tarapyndaky Çekelik obasy jedelli sebitde ýerleşmese-de, onuň ýaşaýjylary goňşy döwletlere geçmegini dowam etdirýärler.

XS
SM
MD
LG