Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan türkmenleri özlerine täze lider saýlady


Ilýustrasiýa suraty. Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenler

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda owgan türkmenleriniň özlerine öňbaşçy saýlamagy, munuň täsirleri we wada berýän netijeleri barada gürrüň edýäris.

Türkmenistanyň goňşusy Owganystanda käbir üýtgeşmeler bolup geçýär, Aşraf Gani ýurduň prezidentligine täzeden saýlandy. Häkimiýet wekilleriniň arasynda bu ugurda dürli garaýyşlar bar, şol bir wagtyň özünde ýakyn wagtda Talyban topary bilen Birleşen Ştatlaryň arasynda parahatçylyk ylalaşygynyň gazanyljakdygy barada habarlar bar.

Bu täzelikleriň fonunda, golaýda Demirgazyk Owganystanda ýaşaýan etniki türkmenler özlerine ýolbaşçy saýlady. Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sanynda owgan türkmenleriniň özlerine öňbaşçy saýlamagy, munuň täsirleri we wada berýän netijeleri barada gürrüň edilýär.

Gepleşigimizde Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady bilen bu tema boýunça geçirilen söhbetdeşligi hem-de onuň täze etniki türkmen lideri Şeýh Seýit Muhammet Haşymy ahundan alan intewýusyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris.

Owgan türkmenleri täze lider saýlady
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:01 0:00


Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG