Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow ministr-ogluna iki orunbasar belledi


Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ministr kürsüsini eýeläp oturan ogly – Serdar Berdimuhamedowa iki orunbasar belledi.

Resmi maglumata görä, Berdimuhamedowyň 21-nji fewraldaky karary bilen Baýmyrat Annamämmedow we Mergen Orazow senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasarlary wezipesine bellenipdirler.

7-nji fewralda prezident Berdimuhamedow ogly Serdary Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine belläpdi.

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowa soňky üç ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurduň Mejlisinde we daşary syýasat edarasynda dürli ýokary wezipeler, şeýle-de syýasy nukdaýnazardan ýurtda iň esasy welaýat bolan Ahal welaýatynda häkimlik wezipesi ynanyldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG