Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda we beýleki ýurtlarda koronawirus bilen kesellänleriň sany artýan mahaly, wirusyň dünýä ýaýramagyndan alada edilýär


Gyrgyzystanyň ýörite barlag resmileri Hytaýdan gelen raýatlaryň goşlaryny barlaýar.

Eýranda, Italiýada we Günorta Koreýada täze koronawirus bilen kesellänleriň sany ýiti derejede artan mahaly, bu wirusyň dünýä ýaýramagy bilen bagly aladalar artýar.

24-nji fewralda Pars aýlagynda, Kuweýt we Bahreýn döwletleri Eýrandan gelen adamlaryň arasynda COVID-19 wirusy bilen kesellän ilkinji raýatlaryň hasaba alnandygyny habar berdiler.

Eýran koronawirusdan sekiz adamyň heläk bolandygyny we başga-da 43 adamyň bu wirus bilen keselländigini tassyklady. Bu wirusyndan Eýranda Hytaýdan daşardaky döwletleriň arasynda iň köp adamyň ölendigi bellenilýär.

Kuweýt geçen hepde Eýranyň demirgazyk-günortasyndaky Maşhad şäherinden ewakuasiýa edilen 700 adamdan üç sanysyna bu wirusyň ýokuşandygyny aýtdy. Bu barada Kuweýtiň KUNA döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Bu aralykda, Bahreýniň döwlet mediasy ýurtda koronawirus bilen kesellän ilkinji raýatyň hasaba alnandygyny mälim etdi.

Eýranda resmiler wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde jemgyýetçilik ýerlerine we syýahata çäklendirmeleri girizdiler.

Şeýle-de, Saglyk ministrligi ýurduň ençeme şäherinde mekdepleri we uniwersitetleri ýapdy. Teatr we konsert çäreleri hem ýatyryldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG