Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa ABŞ-nyň sanksiýa haýbatlaryna garamazdan, rus howa goranyş ulgamlaryny kabul etdi


Russiýanyň “Pantsir S1” howa goranyş ulgamy

Serbiýa, Birleşen Ştatlaryň Balkan ýurduna garşy sanksiýa girizmek ähtimallygyny duýdurandygyna garamazdan, Russiýa tarapyndan öndürilen “Pantsir S1” kysymly howa goranyş ulgamlarynyň birinji tapgyryny hepdäniň ahyrynda kabul etdi. Serbiýa Ýewropa Bileleşigine agza bolmaga synanyşýar.

Rus howa goranyş ulgamlarynyň Serbiýa gelip gowşandygy barada ýurduň prezidenti Aleksandr Wuçiç 23-nji fewralda telewideniýede görkezilen çykyşynda yglan etdi. Bu waka Serbiýanyň Goranmak ministrliginiň buýrulan alty howa goranyş ulgamyndan iki sanysynyň ýurda gelip gowşandygyny tassyklamagyndan bir gün soňa gabat geldi.

“Serbiýa özüniň goranyş we saklaýyş mümkinçiliklerini berkitdi” diýlip, Goranmak ministrliginiň beýanatynda aýdyldy.

Wuçiç radiolokasion ulgamlarynyň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň tekliplerinden soňra satyn alnandygyny belledi.

“Her bir Pantsir bir wagtda dört sany raketany dolandyrmaga ukyply” diýip, Howa güýçleri tehnologiýasy habar berdi.

Olar ganatly raketalara, dronlara we uçarlara garşy goranmaga ukyplydyr.

Serbiýa NATO däl-de, Ýewropa Bileleşigine resmi derejede agza bolmaga synanyşýandygyna garamazdan, Belgrad Moskwa bilen berk syýasy we ykdysady gatnaşyklary saklap gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG