Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Tramp ýaraşyk saklansa, ‘Talyban’ bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga taýýardygyny aýdýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp eger iki tarapyň arasynda wagtlaýyn ýaraşyk saklansa, onda Owganystanda “Talyban” bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga taýýardygyny aýdýar.

“Biziň pikirimizçe olar ylalaşyk baglaşmak isleýär, biz ylalaşyk baglaşmak isleýäris, meniň pikirimçe bu başa barar, biz muny göreris” diýip, Tramp 23-nji fewralda Hindistana gitmezden öň, žurnalistlere beren maglumatynda aýtdy.

Şu aýyň başynda iki tarap “ýowuzlygy bir hepde azaltmagy” yglan etdi we bu 22-nji fewraldan güýje girdi.

Eger ýaraşyk saklansa, bu taraplaryň arasynda parahatçylyk ylalaşygyna gol goýulmagyna we ABŞ-nyň iň uzaga çeken urşunyň tamamlanmagyna getirer.

Owganystanda Birleşen Ştatlaryň 12 müňden gowrak goşuny bar.

Muňa garamazdan, owgan mediasy soňky iki günüň dowamynda “Talybanyň” ýurduň welaýatlaryndaky barlag-gözegçilik postlaryna kiçi göwrümli birnäçe hüjümi amala aşyrandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG