Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BAE Eýrana uçar gatnawlarynyň ählisini ýatyrdy


Eýranyň arassaçylyk işgärleri
Eýranyň arassaçylyk işgärleri

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) Eýrana we bu ýurtdan yzyna uçýan uçar gatnawlarynyň ählisini ýatyrdy. Eýranda täze koronawirus sebäpli azyndan 15 adam öldi. Bu san Hytaýdan daşardaky döwletleriň arasynda iň ýokary görkezijidir.

Şu hepde Eýranda, Italiýada we Günorta Koreýada täze koronawirus bilen kesellänleriň sany ýiti derejede artandan soň, bu wirusyň dünýä ýaýramagy bilen bagly aladalar artýar.

Hytaýda dörän COVID-19 wirusy dünýäde 80 müňden gowrak adama ýokuşdy we bu wirus sebäpli 2 müň 700 çemesi adam öldi.

Eýranyň Saglyk ministrliginiň metbugat wekiliniň 25-nji fewralda döwlet telewideniýesinde eden çykyşyna görä, wirus bilen kesellän ýene üç adam aradan çykdy. Şeýle-de, bu wirus ýokuşan adamlaryň sany 95-e ýetdi.

Birleşen Arap Emirlikleri 13 adamyň bu wirus bilen keselländigini tassyklap, olardan soňky iki sanysynyň eýranly syýahatçy we onuň aýalydygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG