Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada iki türkmen talyby neşe söwdasy üçin 10,5 ýyla türmä höküm edildi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýanyň Iwanowo şäherinde Türkmenistanyň iki raýaty neşe söwdasynda günäli tapylyp,10,5 ýyl möhlet bilen berk düzgünli koloniýa höküm edildi. Bu barada "Otdel" neşiri habar berýär.

Maglumata görä, höküm edilen 20 ýaşyndaky türkmenistanlylar Iwanowyň Döwlet uniwersitetiniň matematika we ykdysadyýet fakultetinde bilim alypdyrlar.

"Sud ýaş adamlaryň Iwanowyň territoriýasynda, internetiň üsti bilen gizlin ammarlary guramalaşdyryp, Russiýanyň territoriýasynda gadagan edilen neşe serişdeleriniň dört görnüşini ýerländiklerini anyklady. Olar bu işleri üçin pul aldylar. Talyplaryň biri neşäni üç hepdäniň, ikinjisi bolsa iki hepdäniň dowamynda ýerledi" diýip, Iwanow oblastynyň prokuraturasy belledi.

Türmä höküm edilen türkmenistanlylaryň şahsyýeti aýdyňlaşdyrylmaýar.

XS
SM
MD
LG