Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähranda juma namazlary ‘ýatyryldy’


Tähranyň ýüzi gorag maskaly ýaşaýjylary.
Tähranyň ýüzi gorag maskaly ýaşaýjylary.

Eýranyň paýtagty Tähranda, koronawirusyň ýaýramak howpy sebäpli, juma namazlary ýatyryldy. Bu barada resmi media maglumat berýär.

Bu aralykda, soňky günüň dowamynda ýurtda wirusa täze 100-den hem aşa adamyň, şol sanda Eýranyň aýallar we maşgala boýunça wise-prezidenti Masoumeh Ebtekaryň hem ýolugandygy tassyklandy.

Mundan öň, 25-nji fewralda Eýranyň saglyk ministriniň orunbasary Iraj Harirşiniň hem COVID-19 wirusy bilen keselländigi mälim edildi. Harirşä wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreleri görmek tabşyrylypdy.

Eýranyň mediasy Ebtekaryň tutuş toparynyň wirusa ýokuşyp-ýokuşmandygy boýunça barlanjakdygyny habar berýär.

Eýranyň Saglyk ministrilgi wirusdan ölenleriň sanynyň 26-a ýetendigini aýtdy.

Eýranda wirus sebäpli Hytaýyň daşynda heläk bolan iň köp adam hasaba alyndy.

Resmi maglumata görä, Eýranda umumy hasapda 245 adam wirus bilen keselläpdir.

Ženewada BMG-niň saglyk başlygy Tedros Adhanom Ghebreýesus eger-de zerur çäreler dessine görülse, onda koronawirusyň kontroldan çykmagynyň öňüni alyp boljakdygyny aýtdy.

“Biz kesigtleýji nokada geldik. Bu wirusyň pandemiýa geçmek howpy bar” diýip, Ghebreýesus belledi.

Dünýäniň 40-dan gowrak döwletinde COVID-19 wirusyna 82 müň adam ýolugdy. Olaryň aglabasy Hytaýda. Täze wirusdan dünýä boýunça 2 müň 700 adam öldi.

XS
SM
MD
LG