Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýalylar öldürilen kreml tankytçysy Nemtsowy ýatlaýarlar


Moskwada Nemtsowyň öldürilen ýerine goýulan gül desseleri. 27-nji fewral, 2020 ý.
Moskwada Nemtsowyň öldürilen ýerine goýulan gül desseleri. 27-nji fewral, 2020 ý.

29-njy fewralda Moskwada we Russiýanyň beýleki ýerlerinde mundan bäş ýyl ozal Kremliň golaýynda öldürilen ozalky oppozisiýa syýasatçysy we prezident Wladimir Putiniň ýiti tankytçysy bolan Boris Nemtsowyň hatyrasy tutulýar.

Munuň bilen baglylylykda, paýtagtda geçirilmeli ýörişe Moskwanyň resmileri rugsat berdiler. Nemtsowyň hatyrasyna Russiýanyň ikinji şäheri Sankt-Peterburgda hem geçjek ýörişe ygtyýar berildi.

Hatyra çäreleri Nemtsowyň 1990-njy ýyllarda häkimi bolan regionynyň paýtagty Nižniý Nowgorodda hem geçiriler.

Käbir oppozisiýa syýasatçylary çäräniň dowamynda ýurduň konstitusiýasyna girizilmegi göz öňünde tutulýan üýtgeşmelere garşy hem protest geçirjekdiklerini aýtdylar. Tankytçylar bu üýtgeşmeleriň Putine, 2024-nji ýylda häzirki prezidentlik möhleti tamamlanandan hem soňra, häkimiýet başynda galmagyna mümkinçilik döredýändigini aýdýarlar.

Nemtsow 2015-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Moskwanyň merkezinde, Kremliň edil alkymyndaky Bolşoý Moskowertskiý Köprüsinde golaý aralykdan atylyp öldürildi.

2017-nji ýylyň iýunynda rus sudy Nemtsowy öldürendigi üçin ozalky çeçen batalýonynyň lideri Zaur Dadaýewi 20 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Bu jenaýata ilteşikli bolmakda aýyplanyp, başga-da dört çeçen 11 we 19 ýyl aralygynda tussaglyga höküm edildi.

XS
SM
MD
LG