Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin we Erdogan dartgynlylyklaryň arasynda gepleşik geçirdiler


Idlibde türk artilleriýa topunyň siriýa hökümetiniň nyşanalaryny oka tutýandygy aýdylýar. 28-nji fewral, 2020 ý.
Idlibde türk artilleriýa topunyň siriýa hökümetiniň nyşanalaryny oka tutýandygy aýdylýar. 28-nji fewral, 2020 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan krizis gepleşiklerini geçirdiler. Bu Siriýada Moskwa tarapyndan goldanylýan hökümet güýçleriniň howa zarbasy netijesinde 33 türk esgeriniň öldürilmeginden soň dörän dartgynlylyklaryň arasynda bolup geçýär.

Şol bir wagtda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp we döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Waşingtoyň NATO boýunça ýarany Türkiýä goldawyny täzeden ýola goýdular. Şeýle-de, Siriýanyň we Russiýanyň “wagşylygyna” garşy, Ankara “kömek etmegiň ugurlarynyň gözden geçirilýändigi” hem bellenildi.

BMG-niň baş sekretary Antonio Gutteres Siriaýada türk esgerleriniň heläk bolmagyna getiren çaknyşygy dokuz ýyl bäri dowam edýän graždançylyk urşunyň “iň wehimli pursatlarynyň biri” diýip atlandyrdy. Ol ok atyşyklary dessine togtatmaga çagyrdy.

Türk we rus liderleriniň Idlibdäki çaknyşyklardan soň ýurtlarynyň arasyndaky dartgynlylyklary gowşatmak üçin tagalla edýändigine çalym edýär.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow “gepleşikler üçin mydama-da mümkinçiligiň bardygyny” aýtdy.

Ol iki lideriň Idlibdäki ok atyşyklary bes etmek baradaky 2018-nji ýylda bu iki ýurduň arasynda baglaşylan ylalaşygyň berjaý edilmegi üçin, “ähli zerur çäreleriň görülmegi” barada gepleşendiklerini aýtdy.

Rus harby uçarlary adatça siriýa güýçlerini goldasa-da, Erdogan adam pidaly hüjüm üçin prezident Başar al-Asadyň hökümetini aýyplady.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow geljek hepde Erdoganyň gepleşikler üçin Moskwa sapar etmeginiň mümkindigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG