Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda türkmen talyplarynyň hem okaýan uniwersiteti koronawirus sebäpli karantine ýapyldy


Gorag maskaly belarusly bir aýal

Belarusyň paýtagty Minskidäki Milli tehniki instituty, Eýrandan gelen bir talypdan koronawirusyň ýüze çykarylmagyndan soňra, synp sapaklaryny geçirmegini bes etdi. Turkmen.news neşiriniň maglumatyna görä, bu ýokary okuw jaýynda türkmenistanly talyplar hem bilim alýarlar.

Belarusyň ýokary okuw jaýyndaky bu çäre 28-nji fewral – 15-nji mart aralygynda dowam eder.

Turkmen.news neşiri uniwersitetiň wekillerinden türkmenistanly talyplaryň sany barada maglumat almak başartmandygyny belleýär.

2018-2019-njy okuw ýylynda Belarusyň ýokary okuw jaýlarynda jemi 7 müň 749 türkmenistanly talyp bilim alýardy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG