Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda parlament saýlawlary geçirilýär


Paýtagt Duşenbedäki ses berilişik
Paýtagt Duşenbedäki ses berilişik

Täjigistanda mundan bäş ýyl ozal “Yslam Galkynyş Partiýasyna” girizilen gadagançylykdan soň ilkinji parlament saýlawlary geçirilýär. “Yslam Galkynyş Partiýasy” ýurtdaky iň esasy oppozisiýa toparydy.

Parlamentiň 63 agzalyk aşaky öýi – Majlisi Namoýandagondaky aglaba orunlary prezident Emomali Rahmonyň “Halk Demokratik Partiýasynyň” eýelemegine garaşylýar.

Täjigistany 1992-nji ýyldan bäri dolandyryp gelýän Rahmon ir ertir bilen ses berdi.

Saýlawlara başga-da alty sany degişlilikdäki kiçi partiýa gatnaşýar.

Olaryň arasyndan diňe “Sosial Demokratik Partiýa” oppozisiýa hökmünde çykyş edýär. Bu partiýanyň bäş dalaşgäri hasaba alyndy. Partiýa ozalky saýlawlarda Mejlise girip bilmek üçin gerekli sesleriň 5%-ni alyp bilmändi.

Täjigistandaky ozalky saýlawlarda galplyklaryň bolandygy baradaky aýyplamalar orta atylypdy.

Täjik hökümeti oppozisiýa toparlaryny we tankytçylaryny basyp ýatyrmakda köpden bäri tankytlanýar.

“Topar 24” oppozision hereketi 2014-nji ýylda ekstremist gurama hökmünde, mundan bir ýyl soň hem “Yslam Galkynyş Partiýasy” “terrorçy gurama” hökmünde kesgitlenip, gadagan edilipdi. Olaryň ikisi-de özüne bildirilýän aýyplamalary ret edýärler.

XS
SM
MD
LG